Jeff Bezos öz taslamalarynyň hatyrasyna Amazon-nyň ýene-de 3 milliard dollarlyk paýnamalaryny satýar

  • 04.11.2024 21:38
  • 4.9k+

"Amazon-yň" esaslandyryjysy Jeff Bezos kompaniýanyň ýene-de 3 milliard dollardan gowrak möçbere barabar bolan paýnamalaryny satýar, diýip Greekwire habar berýär.

Bezos 2024-nji ýylyň başyndan bäri 13 milliard dollarlyk paýnama satdy. Ol bu serişdeleri hususy kosmos kompaniýasy bolan Blue Origin-i maliýeleşdirmek, şeýle hem öýsüz-öwzarsyz maşgalalara kömek etmek we mekdebe çenli bilimi ösdürmek üçin döredilen haýyr-sahawat gaznasy bolan Bezos Day One gaznasyna goldaw bermek üçin ulanýar.
Paýnamalaryň nobatdaky satuwy Amazon-yň çärýekleýin hasabatynyň üstünlikli çap bolmagy bilen gabat geldi. Bloomberg-iň habaryna görä, Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy soňky 12 aýda 40%-den gowrak ýokarlandy, bu bolsa Bezosyň şahsy girdejisiniň 222 milliard dollara çenli artmagyna mümkinçilik berdi.


12.03.2026 07:31
8.1k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

03.03.2026 13:28
649

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...