Apple Pixelmator kompaniýasyny satyn alýar: suratlary redaktirlemek üçin täze mümkinçilikler

  • 04.11.2024 16:07
  • 3.7k+

Apple suratlary redaktirlemek üçin belli programma üpjünçiligini işläp düzüji Pixelmator-y satyn aldy.

2007-nji ýylda Litwanyň Wilnýus şäherinde esaslandyrylan Pixelmator kompaniýasy bu şertnamany tassyklady, ýöne Apple-iň dolandyrmagynda bolup biljek möhüm üýtgeşmeler barada teswir bermedi. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Pixelmator Pro, iOS üçin Pixelmator we Photomator ýakyn geljekde düýpli üýtgeşmeler bolmazdan işlemegini dowam etdirer.
Pixelmator-yň satyn alynmagy Apple-iň suratlary redaktirlemek üçin emeli aň tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasynyň barha artmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýakynda Apple iOS-a ulanyjylara suratlardan aýry-aýry obýektleri aýyrmak mümkinçiligini hödürleýän “Clean Up” funksiýasyny goşdy. Bu funksiýa Google Magic Eraser-iň bäsdeşi hökmünde kabul edilýär.
Apple bilen Pixelmator-yň birleşmegi iPhone we iPad ulanyjylary, esasanam, foto we grafika dizaýnerleri üçin gurallaryň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine getirip biler.
Şertnama häzirlikçe düzgünleşdiriji edaralar tarapyndan tassyklanmagyna garaşýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....