Madridiň “Realy” Ispaniýada suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi

  • 03.11.2024 08:02
  • 18k+

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň günorta-gündogaryndaky Walensiýa welaýatynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, “Çempionat” portaly belleýär.

“Madridiň “Realy” haýyr-sahawata 1 mln ýewro bagyş etmek bilen, kyn ýagdaýa düşen we biziň goldawymyza mätäç bolan köp sanly hojalyklara kömek etmek üçin serişde ýygnamak kampaniýasyna başlar” – diýlip, klubuň saýtynda ýazylýar.

Belläp geçsek, Ispaniýada soňky 50 ýylda iň güýçli suw joşguny netijesinde 200-den gowrak adam öldi. Zyýan çeken sebitlerde ýollary suw basdy, jaýlara we awtomobillere zeper ýetdi. Walensiýanyň awtonom jemgyýeti has uly ýitgi çekdi. Halas ediş işlerine harby gullukçylar çekildi. Müňlerçe ýaşaýjy elektriksiz galýar. Walensiýada we goňşy sebitlerde ýagyş we tupan howpy sebäpli ýaramaz howa şertleri barada duýduryşlar saklanýar.
Bu betbagtçylyga oktýabr aýynyň ahyrynda ýurduň birnäçe sebitine inen güýçli ýagyş sebäp boldy. Hemra suratlary ispan sebitiniň betbagtçylykdan öň we soň nähili görünýändigini görkezdiler.


02.06.2026 20:28
7.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.1k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......