Windows indi Android-de gönüden-göni Wi-Fi arkaly faýllary dolandyrmagy goldaýar

  • 03.11.2024 07:58
  • 2.3k+

Microsoft Android-enjamlaryň faýllaryny Explorer arkaly dolandyrmaga goldaw goşmak bilen, Windows-yň işleýşini giňeltdi diýip, TechSpot.com çeşmesi ýazýar.

Indi Android enjamlarynyň ammaryna kabelsiz elýeterlilik alyp, tanyş interfeýs arkaly faýllary dolandyryp bilersiňiz. Munuň üçin Windows 10-uň we Windows 11-iň ulanyjylary diňe smartfonlaryna Wi-Fi arkaly birigäýmeli.
Oktýabr aýynda ornaşdyrylyp başlanan bu aýratynlyk “Cross-Device Experience Host” täzelenmesiniň bir bölegidir we Microsoft Store arkaly täzelenmegi talap edýär. Täzeligi ulanmak üçin size Android 11 ýa-da ondan ýokarysy we iň soňky täzelenmäni “Windows bilen aragatnaşyk” (Link to Windows) programmasyna iň bolmanda 1.24071 wersiýasyna çenli gurnamaly bolar.
Ähli zerur komponentleri täzelänsoň, ulanyjylar öz Android enjamyny Explorer gapdal panelinde ýarlyk görnüşinde görüp bilerler. Onuň kömegi bilen Android-de faýllaryň adyny göni kompýuteriňizde üýtgedip, göçürip we pozup bilersiňiz. Bu usul bilen pozulan maglumatlar Android-de peýda bolan “Sebede” (Recycle Bin) geçýär we 30 günden soň, awtomatiki usulda pozulýar.
Mundan başga-da, “Windows Gözleg” bilen integrasiýa Android enjamlarynda kompýuteriňiziň gönüden-göni wezipeler panelinden faýl gözlemäge mümkinçilik berýär.
Faýllary simsiz dolandyrmagyň ýene bir artykmaçlygy 1,2 Gbit / s-a çenli ýetip bilýän faýl geçiriş tizligi bolup, täze aýratynlygy, USB-e fiziki birikmek bilen deňeşdirilende, bäsdeşlige juda ukyply edýär.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
943

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......