Duma Boko Botswananyň täze Prezidenti saýlandy

  • 02.11.2024 21:26
  • 4.3k+

54 ýaşly hukukçy Duma Boko Botswananyň täze we hasap boýunça altynjy Prezidenti boldy. Bu barada milli telewideniýe arkaly respublikanyň baş kazysy Terrens Rannowane yglan etdi diýip, ýerli habarlar portaly Daily news habar berýär.

Boko ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan “Demokratik özgertmeleriň goragynda” (DÖG) oppozisiýa koalisiýasynyň lideridir.

DÖG Milli assambleýada (bir palataly parlament) eýýäm 35 deputatlyk mandatyny aldy, bu hem oňa artykmaçlyk berýär. Sesleri sanamak dowam etdirilýär. Soňky 58 ýyl häkimiýet başynda bolan Botswananyň Demokratik partiýasy (BDP) häzirlikçe 4 mandat aldy.

Botswananyň häzirki Prezidenti we BDP-niň lideri Mokgwitsi Masisi öz partiýasynyň ýeňlendigini boýun alyp, Boko eýýäm ýeňşi bilen gutlamak üçin jaň edendigini habar berdi. Masisi wezipeden çekilýändigini aýtdy.

Botswananyň Prezidenti parlamentiň deputatlarynyň sesleriniň köplügi bilen saýlanýar. 30-njy oktýabrda geçirilen kanun çykaryjy edaranyň saýlawlaryna alty partiýa gatnaşdy. Şolardan dördüsi Prezident wezipesine öz dalaşgärlerini hödürledi. Masisi döwlet Baştutany wezipesinde ikinji möhlete gaýtadan saýlanmak isledi.


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...