Täze MacBook Pro çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin kuwwatly çiplere eýe boldy

  • 01.11.2024 17:03
  • 2.7k+

Apple kuwwatly M4 Pro we M4 Max çipleri bilen enjamlaşdyrylan täze 14 we 16 dýuýmlyk MacBook Pro modellerini, şeýle-de M4 çipli 14 dýuýmlyk görnüşini hödürledi.

Täze önümler köp babatda kämilleşdirmeleri görkezýär.
Çipler we öndürijilik:

  • M4 Pro 14 ýadroly prosessora (10 öndürijilikli we 4 netijelilik ýadrosy) we 20 ýadroly grafiki prosessora eýe bolup, M4 wersiýa bilen deňeşdirilende iki esse ýokary kuwwaty üpjün edýär.
  • M4 Max 16 ýadroly CPU we 40 ýadroly GPU bilen enjamlaşdyryldy, bu hem M1 Max bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokary öndürijiligi üpjün edýär.

Ýat:

  • ·M4 Pro we M4 Max öňki modellerdäki 18 GB bilen deňeşdirilende, adaty toplumda 24 GB unifikasiýa edilen ýat bilen hödürlenýär.
  • ·M4 Max 128 GB çenli unifikasiýa edilen ýady hem goldaýar.

Displeý: SDR üçin 1000 nite çenli ýagtylygy üpjün edýän nanotekstura bilen täzelenen Liquid Retina XDR displeýi.
Kamera: Desk View funksiýasy bilen täze 12 Mp Center Stage kamerasy.
Interfeýsler: 120 Gbit/s çenli geçirijilik ukyby bilen Thunderbolt 5, 8K çenli durulyk bilen HDMI goldawy, Wi-Fi 6E we Bluetooth 5.3.
Awtonomlyk: M4 Pro modeli akkumulýatoryň 22 sagada çenli işlemegini, M4 Max modeli bolsa 18 sagada çenli işlemegini üpjün edýär.
Bahalar:

  • ·14 dýuýmlyk MacBook Pro üçin 1600 dollardan başlaýar.
  • ·16 dýuýmlyk MacBook Pro üçin 2500 dollardan başlaýar.

Satuwa 8-nji noýabrda başlamak meýilleşdirilýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...