Hindistandaky “Foxconn” zawodynda iPhone 17-niň kiçi göwrümli önümçiligi başlandy

  • 01.11.2024 12:20
  • 8.2k+

Hindistanda iPhone 17-niň adaty görnüşiniň kiçi göwrümli synag önümçiligi başlandy. Bu barada The Information habar berýär.

Apple-iň esasy potratçylaryndan biri bolan “Foxconn” Bangalor şäherindäki zawodda smartfony öndürip başlady. Neşiriň habaryna görä, bu seriýadaky beýleki modeller, mysal üçin iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max henizem Hytaýda synag tapgyryndadyr. Geljek ýyl iPhone 17-niň görnüşleriniň hatarynda üýtgeşmeleriň boljakdygy öňe sürülýär: onuň “Plus” modeli aýrylar we ýerine täze görnüş - “iPhone 17 Air” peýda bolar. Bu model standart we Pro görnüşleriniň içinde aralyk orny eýelär. Netijede, bu görnüş orta derejeli smartfon hökmünde orun alar.
Analitik Ming-Çi Kuo iPhone 17 Air-iň kompaniýanyň 5G modemini görkezen ilkinji “Apple” enjamlarynyň biri boljakdygyny, beýleki modelleriň bolsa “Qualcomm” modemlerini ulanmagyny dowam etdirjekdigini öňe sürýär.


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....