Täjigistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň futbolçysy bir oýunda 14 gol geçirip, rekord goýdy

  • 01.11.2024 11:48
  • 13k+

Täjigistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň (U17) ýarymgoragçysy Muhammad Nazriýew milli ýygyndylaryň bir oýnunda geçirilen gollar boýunça rekord goýdy.

Täjigistanyň bu ýygyndysy 2025-nji ýyldaky Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň öý oýnunda Guamyň toparyny 33:0 hasabynda utdy. 16 ýaşly Nazriýew 14 gol geçirdi we bu Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) howandarlygyndaky milli ýygyndylaryň oýunlarynda bir futbolçy üçin rekord görkezijidir. Şeýle-de, Nazrullo Aşuralizoda 6 gol geçirdi, Umed Jafoýew het-trik etdi, Haýdarşo Hudoýdodowyň, Parwiz Bobonazarowyň we Asadbek Mahtumowyň her biriniň hasabynda bolsa iki gol bar.
Öňki rekord 2001-nji ýyldan bäri Amerikan Samoa toparynyň (33:0) derwezesine 13 gol girizen awstraliýaly Arçi Tompsona degişlidi. Şol oýunda halkara ýygyndylaryň oýunlarynda geçirilen gollaryň sany boýunça rekord goýuldy.
Şeýlelikde, Täjigistanyň milli ýygyndysy saýlama ýaryşynyň netijesinde J toparçada birinji orny eýeläp, ýetginjekleriň arasynda Aziýa Kubogy-2025-iň final tapgyryna çykdy. Umuman, saýlama tapgyrynyň netijesinde 3 – 20-nji aprelde Saud Arabystanynda geçiriljek ýaryşyň final tapgyryna gatnaşjak 16 toparyň ählisi kesgitlendi.


düýn 22:49
4.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......