Frensis Ford Koppola Amerikan kino institutynyň hormatly baýragyny alar

  • 01.11.2024 11:35
  • 1.2k+

Amerikaly režissýor, “Çokundyran ata” (Крёстный отец) kinotrilogiýasyny goýan Frensis Ford Koppola Amerikan kinematografiýa institutyndan (AFI) hormatly baýragyň eýesi bolar. 50-nji ýubileý gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde Los-Anjelesde geçiriler.

AFI Life Achievement Award baýragy Koppolanyň karýera üstünlikleri üçin berler. Baýrak 1973-nji ýylda esaslandyryldy.
Režissýorlardan şeýle baýragy Orson Uells, Alfred Hiçkok, Dewid Lin, Stiwen Spilberg, Martin Skorseze, Klint Istwud, Jorj Lukas, Maýk Nikols dagy alypdy.

“Frensis Ford Koppola – amerikan kinosynyň taryhynda esas bolan eserleri döreden we häzirki wagtda onuň ussatlygyny hem garaşsyz ruhuny özünde jemleýän kinematografçylaryň neslini ruhlandyran ajaýyp hudožnik” – diýip, AFI-niň Howandarlar geňeşiniň başlygy Ketlin Kennedi metbugat relizinde aýtdy.

Koppolanyň täze filmi “Megalopolis” şu ýyl çykdy we tankytçylardan dürli synlary alyp, prokatda şowsuz boldy. Epiki dramanyň sanly premýerasy 12-nji noýabra meýilleşdirilýär.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....