Apple kompaniýasy M4 prosessory we Apple Intelligence bilen täze iMac hödürledi

  • 31.10.2024 23:35
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy M4 prosessory we Apple Intelligence emeli aň ulgamy bilen üpjün edilen täze iMac kompýuterini anons etdi. Retina 4.5K displeýli 24 dýuýmlyk monoblok has inçeldi we ýedi reňkde: ýaşyl, sary, mämişi, gülgüne, benewşe, gök we kümüşsöw reňklerinde täzelenen dizaýna eýe boldy.

Kompaniýa M1 esasly geçenki iMac bilen deňeşdirilende, M4 prosessorynyň öndürijiligi gündelik işlerde 1,7 esse we suratlary gaýtadan işlemek hem oýun ýaly programmalarda 2,1 esse ýokarlandyrýandygyny nygtaýar. Neural Engine bolsa emeli aňyň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän işlerde öndürijiligiň üç esse ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Gajet 12 Mp Center Stage kamerasy bilen üpjün edildi. Desk View funksiýaly kamera şol bir wagtyň özünde ulanyjyny we onuň iş ýerini görkezip bilýär. Şeýle-de, kompýuter üç studiýa mikrofony we alty dinamika bilen üpjün edildi, bu hem sesi has kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Dört USB Type-C portunyň ählisi maglumatlary çalt geçirmek we daşarky displeýleri birikdirmek üçin Thunderbolt 4-i goldaýar.
Şeýle-de, Magic Keyboard klawiaturasy, Magic Mouse syçanjygy we Magic Trackpad trekpady indi USB Type-C arkaly birikdirilýär we iMac-a laýyk reňklerde elýeterlidir. Täze iMac sargyt etmek üçin 1299 dollar bahadan eýýäm elýeterli. Satuw 8-nji noýabrda başlar. Esasy konfigurasiýa sekiz ýadroly prosessory, 16 GB operatiw ýady we 256 GB SSD-ni öz içine alýar. 1499 dollara 10 ýadroly prosessor, 16 GB operatiw ýat we 256 GB SSD bolan wersiýany satyn alyp bolýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...