Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň futzal topary Türkmenistanda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi

  • 31.10.2024 13:56
  • 9.9k+

Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň adybir futzal topary ýurdumyzda myhmançylykda boldy. Olar Türkmenistanyň Köpetdag, Senagat bank hem-de Mary welaýatynyň futzal ýygyndy toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler.

Ilkinji ýoldaşlyk oýny 25-nji oktýabrda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde guraldy. Onda owganystanly türkmenler ýurdumyzyň Köpetdag futzal topary bilen duşuşyp, çekeleşikli oýun görkezdiler. Netijede, Köpetdag futzal topary ýeňiş gazanyp, oýun 10:6 hasap bilen jemlendi. Oýun tamamlanandan soň, Köpetdag hem-de Magtymguly Pyragy futzal toparynyň oýunçylary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
26-njy oktýabrda bolsa bu sport mekdepde Türkmenistanyň Senagat bank futzal topary bilen owganystanly türkmenleriň myhmançylykda bolýan futzal toparynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy guraldy. Bu duşuşyk deň netije, ýagny 2:2 hasaby bilen tamamlandy. Duşuşygyň ahyrynda Magtymguly Pyragy futzal toparyna we onuň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Soňra myhmanlar Mary welaýatyň birnäçe taryhy ýadygärliklerine gezelenç etdiler.
29-njy oktýabrda bolsa owganystanly türkmenleriň futzal topary Mary welaýatynyň futzal ýygyndy topary bilen üstünlikli ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Bu duşuşyk Mary welaýat sport komitetiniň 1-nji sport mekdebinde guraldy. Netijeli geçen duşuşykda Magtymguly Pyragy futzal topary 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazandy.


22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....