Wiolonçel çalýan robot Malmöniň Simfonik orkestri bilen sahnada çykyş etdi

  • 31.10.2024 13:45
  • 2.6k+

Malmödäki konsertde inžener Fredrik Gran tarapyndan döredilen wiolonçel çalýan robotyň dünýäde ilkinji çykyşy boldy. Simfonik orkestr bilen bilelikdäki çykyşyň çäklerinde robot şwesiýaly kompozitor Ýakob Mýulrad tarapyndan ýörite ýazylan sazy ýerine ýetirdi diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Adaty emeli aň gurallaryndan tapawutlylykda, robot sazy improwizirlenen algoritmlere görä däl-de, ýazylan partitura görä ýerine ýetirdi we munuň üçin 3D çap edilen iki eli ulandy.

“Men orkestri hemişe bir bitewi janly organizm hökmünde göz öňüne getirýärdim we maňa onuň wiolonçel çalýan robota nähili täsir etjekdigi gyzykly boldy. Bu tejribe ynsana we robota mahsus elementleri birleşdirýän özboluşly bitewiligi döretdi” diýip, eseriň awtory belledi.

Mundan başga-da, Mýulradyň aýtmagyna görä, taslamanyň çylşyrymlylygy robotyň awtomatlaşdyrylan ýerine ýetiriş üçin iň kyn bolan kirişli gurallary özleşdirmegi boldy. Pianinodan tapawutlylykda, wiolonçel ýokary derejede takyk sazlaşygy talap edýär diýip, Mýulrad belleýär.
Şeýle-de, bu taslama ýene bir gyzykly paradoksal ideýany öz içine alýar: “Robot, göräýmäge, tehniki taýdan takyk, ýöne ol duýgulary bermäge ukyply. Men emosional derejede duýulýan sazy ýazmak kararyna geldim, onuň robot tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa tutuş pikire aýratyn öwüşgin berýär” – diýip, kompozitor belledi.
Bu tejribe konserti bilen awtorlar robotlaşdyrylan gurallaryň aýdym-saz ýerine ýetirişini baýlaşdyryp, döredijilik mümkinçiliklerini giňeldip, auditoriýa bilen emosional aragatnaşygy saklap biljekdigini görkezmek islediler.


26.07.2025 16:51
5.5k+

Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy

Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär...

09.06.2025 19:30
7.1k+

Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy...

20.04.2025 21:54
3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi...

19.04.2025 18:01
4.7k+

Şwesiýada loslaryň göçüşine göni ýaýlymda millionlarça adam tomaşa etdi

Şwesiýanyň «SVT» teleýaýlymy ýüzlerçe loslaryň Ongerman derýasyndan geçýän pursadyny surata düşürmek üçin, 30-dan gowrak uzakdan dolandyrylýan we gijeki görüşli kamerany hem-de 20 müň metr kabel ulanýar diýip, «The Guardian» ýazýar...