TikTok-y esaslandyran Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna çykdy

  • 31.10.2024 06:43
  • 10k+

TikTok wideo platformasyny esaslandyryjy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi diýip, Sky News ýazýar.

“Hurun China Rich List”-iň maglumatlaryna görä, 41 ýaşyndaky telekeçi ilkinji gezek sanawda birinji orny eýeledi, girdejisi bolsa 49,3 milliard dollara ýetdi.
Çžan 2021-nji ýylda TikTok-yň esasy kompaniýasy ByteDance-iň baş müdiri wezipesinden çekildi, emma onuň baýlygy artmagyny dowam etdirýär.
Hytaýyň iň baý adamlaryň sanawynda Çžan, çüýşeli suw öndürýän kompaniýanyň eýesi Çžuna Şanşandan öňe geçdi. Onuň baýlygy geçen ýyl 24% azaldy we 47,9 milliard dollara düşdi.
TikTok-yň YouTube bilen bäsleşmek üçin 60 minutlyk wideo ýüklemek mümkinçiligi barlagdan geçirýändigi baradaky maglumatlar öňünden mälim boldy.  Platforma mazmuny dolandyrmagy has hem gowulandyrmak üçin işleri geçirýär, ýakynda bolsa kompaniýa hakyky moderatorlary emeli aň bilen çalşyp başlady.


12.06.2026 23:59
1.7k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....