Hindi millioneri öz baýlygyny itine we hyzmatçy işgärlerine miras galdyrdy

  • 31.10.2024 06:50
  • 23k+

Hindi senagatçysy Ratan Tata 91 million ýewro möçberindäki baýlygynyň esasy bölegini öz nemes owçarkasy Tito, şeýle hem aşpezine we baş hyzmatkärine miras galdyrdy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, işewüriň soňky wesýeti öý haýwanyna çäksiz idegiň edilmegi boldy.

Ratan Tata 9-njy oktýabrda Mumbaýdaky keselhanada 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň çagasy ýokdy, işewür öýlenmek meselesine dört gezek çynlakaý çemeleşendigini boýun alan hem bolsa, hiç haçan öýlenmändir.
Däbe görä, erkek dogany we öweý uýalary onuň mirasdüşeri bolmalydy, ýöne magnat baýlygyny halaýan öý haýwanyna we hyzmatçy işgärlerine geçirmegi makul bildi.

Merhum millioneriň dosty Suhel Seth: "Bu baýlygyňy mazamlamak däl-de, eýsem öý haýwanlaryndan we iki kömekçisinden alan şatlygy hem-de aladasy üçin minnetdarlyk" – diýip, pikirini paýlaşdy.

Tata 1937-nji ýylda Bombeýde dünýä indi. Arhitektor bolmagy arzuw edipdi, ABŞ-da işledi, ýöne Hindistana gaýdyp geldi we enesiniň haýyşy boýunça maşgala telekeçiligine goşuldy. TISCO-da (häzirki Tata ady bilen tanalýar) işlän döwründe domna peçleriniň ýanynda ussahanada işlemekden başlap, ägirt konglomeratyň baştutany bolmaklyga çenli uzak zähmet ýoluny geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda Tata Group täsirini giňeldip, meşhur iňlis brendleri Jaguar bilen Land Rover-i satyn aldy. Häzirki wagtda ol kapitalizasiýa we girdeji boýunça Hindistanda iň iri senagat toparlaryndan biridir. Oňa aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy, maşyngurluşyk, materiallary öndürmek, hyzmatlar, energetika, halkyň sarp edýän  azyk önümleri we himiýa pudaklaryndaky kompaniýalar girýär.


düýn 22:08
1.1k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....