Toyota NTT bilen öz-özüni dolandyrýan awtoulaglary döretmek üçin emeli aňa 3,3 milliard dollar maýa goýýar

  • 30.10.2024 19:04
  • 7.1k+

“Toyota” we Ýaponiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy NTT bilelikde öz-özüni dolandyrýan awtoulaglara niýetlenen emeli aňy ösdürmek üçin 500 milliard ien (takmynan 3,3 milliard dollar) maýa goýumyny yglan etdi. Bu barada “Reuters” habar berýär.

Taslamanyň çäginde kompaniýalar 2028-nji ýyla çenli adatdan daşary ýagdaýlary çaklap, ulag şertlerinde olary howpsuz sürüp, töwekgelçiligi azaldyp biljek ulgam döretmegi maksat edinýärler.
“Toyota” we “NTT” -iň hyzmatdaşlygy 2017-nji ýylda kompaniýalaryň awtoulaglar üçin 5G tehnologiýasyny, şeýle hem "akylly" şäherleri ösdürmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirip ugranda başlandy. Täze ösüşler bilen kompaniýa awtonom tehnologiýa bazaryndaky ornuny berkitmegi maksat edinýär, häzirki wagtda bu ugurda Tesla we Hytaý öndürijileri öňde barýarlar.
“Toyota” entek taslama resmi taýdan yglan etmese-de, kompaniýanyň wekilleri NTT bilen hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini tassykladylar.


şu gün 14:05
2.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......