Xiaomi täze “Snapdragon 8 Elite” çipi bilen ilkinji flagman smartfonyny hödürledi

  • 30.10.2024 18:56
  • 4.3k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda täze flagman smartfony bolan Xiaomi 15-i hödürledi. Bu barada Rozetked-e salgylanyp, news.rambler.ru habar berýär.

Bu önümde täzeleniş tizligi 120 Hz bolup, ol 1,38 mm galyňlykdaky çarçuwalar we iň ýokary ýagtylygy 3200 nit bolan 6.36 dýuýmlyk AMOLED ekrana eýedir.
Xiaomi 15 “Leica” bilen bilelikde işlenip düzülen üç megapikselli, üç kameraly enjam bilen üpjün edildi. Esasy modul ultra giň burçly we 2.6x optiki ýakynlaşdyrma bilen telefon linzasy doldurylýar. Onuň ýüz tarapyndaky (selfi) kamerasynda 32 megapiksel datçigi bar. Xiaomi AISP 2.0-niň emeli aň algoritminiň şekillerini 82% has çalt işleýändigi aýdylýar.
Smartfon 12 ýa-da 16 GB RAM hem-de 1 TB-a çenli içerki ýady bilen elýeterlidir.
Mundan başga-da, smartfon täze sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, ol Xiaomi 15-i iPhone 16 Pro-dan has “sowuk” saklaýar.
Onuň batareýasynyň kuwwaty 5400 mAh bolup, simli geçirijide 90 Wt tizlik bilen zarýad alýar, a simsiz geçirijide bolsa 50 Wt tizlikde zarýad alyp bilýär. Onuň suwdan we tozandan goragy IP68 standartyna laýyk gelýär.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...