Google kompaniýasy "Chrome" brauzeri üçin wirtual kömekçi döredýär: “Jarvis taslamasynyň" jikme-jiklikleri

  • 30.10.2024 11:40
  • 1.8k+

"Google" kompaniýasy “Jarvis taslamasynyň" bir bölegi hökmünde “Chrome” brauzeri üçin emeli aň esasly wirtual kömekçi döredýär.  “Jarvis” ulanyjylara web isleglerini dolandyrmaga kömek etmek üçin ekran suratlaryny we tekst buýruklaryny ulanar diýip, The Verge habar berýär.

"Gemini" nerw ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine esaslanan täze emeli aň kömekçisi maglumat gözlemek, onlaýn söwda we bilet bronlamak ýaly gündelik işleri awtomatiki ýerine ýetirip biler.
"Google" kompaniýasynyň bu emeli aň guralynyň diňe "Chrome" brauzerinde elýeterli bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda haýyşlary işlemek üçin birnäçe sekunt gerek, ýöne geljekdäki özgertmeler jogabyň gözleg wagtyny gowulaşdyryp biler. "Google" mümkin bolan näsazlyklary ýok etmek üçin daşarky ulanyjylar bilen çäkli synag geçirmegi meýilleşdirýär.
Emeli aň kömekçileriniň ösüşi iri IT kompaniýalarynyň arasynda tendensiýa öwrülýär.  Microsoft “Copilot Vision-y" öňe sürýär, “Apple” we “OpenAI” hem şuňa meňzeş çözgütleriň üstünde işleýärler.
"Google" kompaniýasy “Jarvis" wirtual kömekçisini dekabr aýynda köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär, ýöne entäk onuň takyk wagty üýtgäp biler diýip, 3dnews.ru ýazýar.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......