Ýamal “France Football” tarapyndan iň gowy ýaş oýunçy hökmünde “Kopa baýragyny” aldy

  • 29.10.2024 15:24
  • 11k+

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly hüjümçisi Lamin Ýamal 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça dünýäniň 21 ýaşa çenli iň gowy futbolçysyna berilýän “Kopa baýragyna” eýe boldy. Bu barada Parižiň Şatle teatrynda “France Football” žurnalynyň baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan edildi.

Bu baýrak üçin ses berişligiň netijesi boýunça ikinji orny Madridiň “Realynyň” 19 ýaşly türkiýeli hüjümçisi Arda Gýuler eýeledi. Üçlügi “Mançester Ýunaýtedden” we Angliýanyň milli ýygyndysyndan Kobbi Maýnu jemledi. Ol hem 19 ýaşynda.
“Altyn topa” dalaşgärleriň sanawynda Ýamal sekizinji orny eýeledi. Ol baýragyň ilkinji onlugyna giren iň ýaş futbolçy boldy. Lamin bu üstünligi 17 ýyl 107 gün ýaşynda gazandy.


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......