Nýu-Ýorkda aktýor Timoti Şalamä meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi. Ýeňiji $50 aldy

  • 29.10.2024 15:02
  • 11k+

27-nji oktýabrda Nýu-Ýorkdaky Waşington-skwer seýilgähinde aktýor Timoti Şalamä meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi. Ýüzlerçe muşdaklar bilen birlikde bu çärä aktýoryň özi-de geldi.

Sentýabr aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkuň köçelerinde Timoti Şalameniň “taýlarynyň” bäsleşiginiň geçirilýändigi barada bildirişler peýda bolup başlady. Ýeňiş üçin 50 dollar wada berildi. Bu ýönekeý bir oýun ýaly görünse-de, ol ötegçileriň we internet ulanyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin QR kody skanirläp, hasaba alynmalydy.
Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşyjylar aktýoryň oýnan kino personažlarynyň kostýumlaryny geýdiler. Aýratynam, “Wonka” filminden Willi Wonkanyň, “Dýunadan” Pol Atreýdesiň kostýumlary meşhur boldy.
Bäsleşik başlandan 30 minut töweregi soň, gatnaşyjylaryň arasyna hakyky Timoti Şalame-de goşuldy. Ol çärä beýsbolkada we gara maskada gelip, iki gatnaşyjynyň ýanyna duýsansyz bardy. Waka adamlaryň arasynda uly gyzgalaň döretdi.
Bu bäsleşigiň ýeňijisi bolsa Willi Wonkanyň kostýumyny geýen 21 ýaşly Maýlz Mitçell boldy. Ol 50 dollar möçberde baýrak aldy.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Şalame “Marti Suprim” biografik filminiň surata düşürilişine gatnaşýar. Ol “Dýunanyň” trikwelinde-de peýda bolar, “Messiýanyň” önümçiligi 2025-nji ýylyň tomsunda başlar.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....