«Arkadag» FK AFC Çagyryş Ligasynda resmi çykyşlaryny ýeňiş bilen başlady

  • 28.10.2024 12:06
  • 12k+

«Arkadag» futbol kluby AFC Çagyryş Ligasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde Maldiw adalarynyň «Maziýa Sport» klubuny 2:1 hasaby ýeňdi. Duşuşyk Kuweýtdäki «Al Kuwait Sports Club» stadionynda geçirildi.

Duşuşykda hasaby ilki bolup «Maziýa Sportdan» Jonathan Zorrilla 45-nji minutda açdy. Ikinji ýarymda «Arkadag»FK-dan Didar Durdyýew 67-nji minutda hasaby deňledi, Altymyrat Annadurdyýew bolsa 76-njy minutda ýeňiş goluny geçirdi.
29-njy oktýabrda «Arkadag» FK Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» kluby bilen duşuşar, «Maziýa» bolsa «Al-Arabi» bilen oýnar.


şu gün 14:35
476

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.1k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
2.3k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.9k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......