“Kiçijik şazadanyň” seýrek golýazmasy 1,25 mln dollara satylar

  • 28.10.2024 10:31
  • 4.2k+

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň “Kiçijik şazada” romanynyň awtoryň köp düzedişleri bilen kömür galam bilen ýazylan seýrek golýazmasy her ýyl geçirilýän Abu Dhabi Art çeperçilik ýarmarkasynda pesinden 1,25 mln dollara satylar. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Peter Harrington kitap dükanynyň işgärleri munuň göçürilen üç nusganyň ilkinji ýyglan görnüşidigini belleýärler.
Bu nusga “On ne voit bien qu’avec le cœur. L’essentiel est invisible pour les yeux” setirleri ilkinji gezek goşulýar. Terjime edilende bu setirler “Ýürek bilen duýanyňy gözüň bilen görmersiň” diýen manyny berýär.
Peter Harrington-yň edebiýat boýunça uly hünärmeni Semmi Jeýiň aýtmagyna görä, Sent-Ekzýuperi öňki garalamalarynda “bu jümläni kellesinde aýlapdyr”. Eseriň bu nusgasynda bolsa okyjy awtoryň ilkinji gezek bu sözlemi doly ýazandygyny görüp bilýär.
Kitaba iki sany asyl galam bilen çekilen surat, şol sanda öýüne gaýdyp barýan şazadanyň garalama suraty we Sent-Ekzýuperi tarapyndan gol çekilen 100 dollarlyk çek goşulýar.
“Kiçijik şazada” ABŞ-da 1943-nji ýylda, Fransiýada 1946-njy ýylda çap edildi. Eser, dini tekstleri hasaba almazdan, dünýäde iň köp terjime edilen kitap boldy. Wakalar Ýere uzak planetadan uçup gelen we ýeke-täk dosty Bägül bolan Kiçijik şazada duşýan uçarmanyň adyndan gürrüň berilýär. Sent-Ekzýuperi eseri Nýu-Ýorkda ýazypdyr.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......