Täze Xiaomi 15 Pro-nyň resmi suratlary görkezildi

  • 27.10.2024 08:27
  • 9.3k+

Xiaomi kompaniýasy täze flagman Xiaomi 15 Pro-nyň resmi suratlaryny hödürledi. Öndürijiniň Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda smartfonyň “has inçe, has güýçli we has näzikdigi” aýdylýar.

Smartfon täze Snapdragon 8 Elite platformasyndaky ilkinji önümçilik enjamlaryndan biri bolar. Täze enjamyň agramy 213 gram we korpusynyň galyňlygy 8,35 mm.
Xiaomi 15 Pro onuň berkligini ýokarlandyrjak, Xiaomi Dragon Crystal Glass 2.0 taplanan aýnasy bilen goralýan 4 tarapy egri gyraly ekran aldy. Esasy kamera ýokary hilli optiki zum üçin periskop moduly bilen enjamlaşdyrylandyr.
Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro modelleriniň premýerasy 29-njy oktýabrda meýilleşdirilýär. Bu enjamlar içinde HyperOS 2.0 gurnalan ilkinji enjam bolar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...