Höwesjeň matematik iň uly ýönekeý sany açdy. Onda 41 milliondan gowrak sifr bar

  • 27.10.2024 14:23
  • 14k+

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherinden 36 ýaşly höwesjeň matematik Lýuk Dýurant 41 024 320 sifrden ybarat bolan iň uly ýönekeý sany açdy. Bu Mersenniň 52-nji ýönekeý sany we ol öňki rekorddan 16 million sifr artykdyr. Bu barada Great Internet Mersenne Prime Search (GIMPS) taslamasynyň saýtynda habar berilýär.

Lýuk Dýurant NVIDIA-nyň öňki işgäri we ýönekeý sanlary gözlemek bilen meşgullanýan GIMPS taslamasyna işjeň gatnaşyjydyr. Täze san M136279841 adyny aldy. Ony almak üçin 2-ni 136 279 841 derejesine götermeli, soňra biri aýyrmaly. Öz açyşy üçin Dýurant 3 müň dollar möçberde baýrak alar.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, ýönekeý sanlar diýlip, diňe bire we özüne bölünýän sanlara aýdylýar. Mysal üçin, 2, 3, 5 we 7 ýönekeý sanlardyr. Mersenniň ýönekeý sanlary olary 350 ýyldan gowrak wagt ozal öwrenen fransiýaly monah Maren Mersenniň hormatyna atlandyryldy.
Dýurant gözlege 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlady. Munuň üçin ol 17 ýurtdaky 24 maglumat merkezi boýunça paýlanan müňlerçe grafiki prosessorly serwerleri ulandy. Onuň bulut superkompýuteri maglumatlary tas bir ýyl işledi. 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Dublindäki NVIDIA A100 prosessory M136279841 sanynyň ýönekeý bolmak ähtimallygyny hasaba aldy. Ertesi gün San-Antoniodaky NVIDIA H100 prosessory muny ýörite Lukas-Lemer barlagy arkaly tassyklady.
Iň uly ýönekeý sanlary gözlemäge islendik adam gatnaşyp biler. Munuň üçin ýörite Prime95 programmasyny ýükläp almaly.
Mundan öň belli bolan iň uly ýönekeý san 2018-nji ýylda işläp düzüji Patrik Lýaroş tarapyndan açylan M82589933 hasaplanýardy.


şu gün 09:33
4.4k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
5.8k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......