Huawei Android-e garaşly bolmadyk HarmonyOS Next-i çykardy. Ol 30% kuwwatly

  • 25.10.2024 15:04
  • 6.8k+

Huawei täze HarmonyOS Next operasion ulgamyny resmi taýdan hödürledi. Ol Android-iň arhitekturasyna düýbünden garaşsyz diýip, Hytaýyň China Daily neşiri ýazýar.

Bu eýýäm HarmonyOS-yň bäşinji wersiýasy. Huawei-iň ýerine ýetiriji direktory Ýuý Çendunyň sözlerine görä, OS Linux ýadrosyny we Android-iň başlangyç  koduny ulanmazdan, noldan döredildi. Ulgamyň öz ýadrosy, programmirleme dili we emeli aň funksiýalary bar.
HarmonyOS Next eýýäm 1 milliarddan gowrak enjamda işleýär we 15 müňden gowrak programmany goldaýar. Kompaniýanyň mälim etmegine görä, täze OS-yň öndürijiligi 30%, energiýa netijeliligi 20% ýokarlandy. Operasion ulgamyna suratlar we ses kömekçisi bilen işlemek mümkinçiligini giňeldýän Pang AI modeli hem goşuldy.
HarmonyOS-yň esasy artykmaçlygy smartfonlar, awtoulaglar we beýleki “akylly” enjamlar ýaly dürli platformalaryň utgaşdyrylmagydyr. Huawei HarmonyOS Next-de işleýän iki enjamyň arasynda 1,2 Gb faýly bary-ýogy 8 sekuntda geçirip bolýar diýip tassyklaýar.
Ulgam derejesinde enjamy goramaklygy Star Shield arhitekturasy üpjün edýär.
HarmonyOS-yň ilkinji tolkuny Hytaýdaky Pura 70, Pocket 2 we MatePad Pro 11 (2024) modellerine täsir etdi diýip, GSMarena neşiri belleýär.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
943

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

15.02.2026 09:14
3.2k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...