27-29-njy oktýabrda Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

  • 25.10.2024 10:24
  • 3.6k+

2024-nji ýylyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Esasy çäre 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Ermenistanyň Tatula Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşy bolar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çäreleriň maksatnamasy kino we animasiýa ýaly ermeni medeniýetiniň dürli taraplaryny öz içine alýar.
«Watan» kinokonsert merkezinde, «Aşgabat» kinoteatrynda tomaşaçylara ermeni filmleri we multfilmleri görkeziler. «Şarpyk» (27-nji oktýabr), «Aýrik» (28-nji oktýabr) we «Bagdasar aýaly bilen aýrylyşýar» (29-njy oktýabr) atly üç sany ermeni filmine tomaşa edip bilerler. «It we pişik», «Gök deňizde, ak köpükde ...» we beýleki ermeni multfilmleri hem görkeziler.

Çäreler 29-njy oktýabrda iki ýurduň medeni jebisligini nygtajak Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.


şu gün 10:55
3.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......