Ýakyn 24 sagadyň içinde howply asteroidleriň dördüsi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

  • 24.10.2024 11:50
  • 11k+

Şu gün - 24-nji oktýabr, penşenbe güni 30-dan 177 metre çenli ululykdaky dört sany howply kosmos daş bölekleri Ýere ýakynlaşar. Bu barada NASA "Jet Propulsion Laboratory" web sahypasyndaky asteroidlere gözegçilik paneli habar berdi diýip, news.rambler.ru ýazýar.

Ilkinji asteroid obýektleriň iň kiçisi bolar. Ol diametri 30 metr bolan 2015 HM1 asteroididir. Bu kosmos daş bölegi Ýer şarymyzdan 5,5 million kilometr, ýagny Ýer bilen Aýyň ortaça aralygyndan hem 14 esse köp uzaklykda uçýar. 
Indiki asteroid uzynlygy 52 metre barabar bolan 2024 TP17 bolup, ol 4,7 million kilometre çenli golaýlar.
Soňky iki asteroid bolsa, 2002 NV16 we 2024 TR6 bolup, olar dört minutyň içinde Ýeriň deňinden geçer.
Obýekt 2002 NV16 diametri boýunça 177 metr bolup, dörtlügiň iň ulusydyr. Onuň planetamyza aradaşlygy 4,5 million kilometre barardyr.
46 metr ölçegdäki iň soňky asteroid 2024 TR6 Ýere 5,6 million kilometr ýakynlykdadyr. Gözlegçileriň bellemegine görä, astronomlar ýakynda bu iki - 2024 TR6 we 2024 TP17 asteroidlerini tapdylar. Olaryň birinjisi 7-nji oktýabrda, ikinjisi 12-nji oktýabrda tapyldy.
Alymlar bu zatlary potensial howply diýip hasaplaýarlar, sebäbi Günüň daşyndaky orbitalary fromerden 48 million kilometr uzaklykda geçýär. Şeýle-de bolsa, bu asteroidleriň planetamyz bilen çaknyşmak mümkinçiligi golaý geljekde asla ýok diýen ýaly.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...