Meksikada çagalaryň semizligine garşy göreşmek üçin mekdeplerde sagdyn däl iýmitleriň satuwy gadagan ediler

  • 24.10.2024 11:15
  • 8.6k+

Meksikanyň hökümeti çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda barha artýan semizlik meselesine garşy göreşmek üçin bilim edaralarynda sagdyn däl iýmitleriň hem-de şekerli içgileriň satylmagyny düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň bilim ministri Mario Delgadonyň beren beýanyna salgylanýan TASS habar berýär.

Bu gadaganlyk 2025-nji ýylyň 29-njy martyndan güýje girer we başlangyç, orta we ýokary mekdepleriň hemmesini öz içine alar diýip, ministr prezident Klaudiýa Şeýnbaumyň metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ministr köp mukdarda zyýanly maddalary we kaloriýany öz içine alýan ultra gaýtadan işlenen iýmitleri mekdep naharhanalaryndan aýyrmaga esasy ünsi çekdi.
Ministriň sözlerine görä, Meksikanyň mekdep iýmiti baradaky kanunçylygynyň häzirki görkezmeleri ýeterlik derejede täsirli bolmady we bu mekdepleriň 98% -iniň sagdyn däl iýmitleri, 95%-iniň şekerli içgileri we 79%-iniň gazly suwlary satmagyna sebäp boldy.
Ýolbaşçynyň bellemegine görä, mekdep okuwçylarynyň arasynda semizlik meselesi has ýitileşdi.

“Milli saglyk we iýmitleniş barlagynyň netijesine görä, 5-11 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň 5,7 milliony, 12-19 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň 10,4 milliony semizlikden ejir çekýär. Bu meseläni biz ünsden düşürip bilmeris"- diýip, ministr habar berdi .

Delgado mekdep okuwçylarynyň 66%-inden gowragynyň şekeri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kesgitlenen kadadan köp kabul edýändigini  aýtdy. Ýagdaý çagalaryň we ýetginjekleriň köpüsiniň az hereketli durmuşy bilen bagly has-da agyrlaşýar.


düýn 20:45
1.2k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

23.05.2026 13:12
2.9k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

21.05.2026 20:16
3.1k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....