Samsung Galaxy Ring Hindistanda 465 dollar baha bilen satuwa çykdy

  • 24.10.2024 00:28
  • 6.8k+

Samsung Galaxy Ring akylly ýüzügi geçen hepde Hindistanda deslapky sargyt üçin elýeterli boldy, häzir bolsa ol satuwa çykdy. Bu barada IXBT habar berýär.

Akylly ýüzügiň bahasy Hindistanda 465 dollar (ABŞ-da baha 400 dollar) bolup, Titanium Black, Titanium Silver we Titanium Gold reňklerde hem-de 5-den 13-e çenli dokuz ölçegde elýeterlidir. Gurluşa simsiz usul arkaly zarýad berip bolýar.
Galaxy Ring ulanyjynyň saglyk ýagdaýyny doly kesgitlemek üçin, hereketi, ukynyň hilini we ýürek ýygrylmasynyň ýygylygyny seljerip, saglyk ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berýär. Galaxy Ring gündelik hereketlere çydamly we suw geçirmeýär, bu hem ony suwda ýüzmek we beýleki işler üçin amatly edýär. Şeýle-de, gurluş şahsy tälimçi hökmünde çykyş edip, emeli aňyň esasynda höweslendiriji habarlary we ulanyjynyň işjeňligi esasynda türgenleşik maslahatlaryny berýär.
Galaxy Ring IP68 goragyna eýe boldy. Ol daýwing ýa-da ýokary basyş astynda suw işleri üçin laýyk gelmese-de, 30 minutyň dowamynda 1,5 metr çuňluga çümmek üçin çydamlydyr.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....