Dubaýda örän insiz diň gurlar: ini 22,5 metr

  • 23.10.2024 10:11
  • 17k+

Dubaýda örän insiz diň – Muraba Veil gurlar. Onuň ini bary-ýogy 22,5 metr bolup, Muraba kompaniýasyndan jaý gurujylaryň pikiriçe, taslama dünýäniň ähli ýerinden maýadarlary we syýahatçylary özüne çeker.

Özboluşly binagärlik desgasynyň taslamalaşdyrylmagy bilen belli ispan firmasy RCR Arquitectes meşgullanýar. Bina 73 gatdan ybarat bolup, onuň beýikligi 380 metr bolar. Binada 131 otag, şeýle-de sagaldyş spa-merkezi, restoran, galereýa, padel-tennis korty we kinoteatr ýerleşdiriler.
Otaglaryň bahasy 18 mln dirhamdan (takmynan, 4,9 mln dollar) başlar. Her bir rezidensiýa gatyň tutuş inini eýelär. Diňi Dubaýyň esasy ýoly bolan şeýh Zaýed ýolunda gurmak meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, häzirki wagtda dünýäde iň insiz diň Nýu-ýorkdaky Steinway Tower hasaplanylýar. Ol beýikligi 435 metr bolan 82 gatly ýaşaýyş jaýydyr. Onuň ininiň beýikligine gatnaşygy 1:24-e deň.


19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....