Samsung 2000 dollardan Galaxy Z Fold 6 Special Edition çykardy. Ol tapgyrda iň inçe smartfon

  • 23.10.2024 09:56
  • 6.5k+

Samsung eplenýän flagman smartfonynyň täze wersiýasyny - Galaxy Z Fold 6 Special Edition-ni hödürledi. Enjam Galaxy Z Fold tapgyrynyň iň inçe we ýeňil görnüşine öwrüldi diýip, Gizmochina habar berýär.

Täze enjamyň galyňlygy bary-ýogy 10,6 mm, agramy 236 gram, bu bolsa adaty Galaxy Z Fold 6 modelinden 1,5 mm inçe we 3 gram ýeňil diýildigidir.
Smartfon 25-nji oktýabrda takmynan 2000 dollar bahasy bilen Günorta Koreýada çykar. Ol 16 Gb RAM we 512 Gb içerki fleş ýady bolan diňe Black Shadow reňkinde elýeterli bolar.
Hytaýda bu modeliň ady, çaklanylyşy ýaly, Samsung Galaxy W25 diýip täzelener.
Special Edition-iň aýratynlygy optiki şekili durnuklaşdyrmagy (OIS) goldaýan 200 megapikselli täze kameradyr. Şeýle hem smartfon 12 megapiksel ultra giň burçly we 3x optiki ýakynlaşdyrmagy goldaýan 10 megapikselli telefoto modullary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kameralar 4K wideo ýazgyny sekuntda 60 kadr tizlikde goldaýar, esasy kamera bolsa sekuntda 30 kadr tizlikde 8K wideo düşürip biler.
Galaxy Z Fold 6 Special Edition Snapdragon 8 Gen 3 for Galaxy bilen işleýär we simli we simsiz zarýad bermek üçin 4400 mA·h akkumulýator bilen üpjün edilendir.
Enjam 5G, Wi-Fi 7, Bluetooth 5,3 we NFC-ni goldaýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...