ATF Türkmenistanyň Tennis federasiýasyny Aziýada çalt ösýän gurama hökmünde ykrar etdi

  • 23.10.2024 06:53
  • 4.4k+

Gonkongda geçirilen Aziýa Tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri diýlip ykrar edildi. ATF-nyň başlygy Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa degişli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

ATF-iň Baş Assambleýasynyň mejlisi 45 ýurtdan ybarat bu guramanyň döredilmeginiň 60 ýyllygyna bagyşlandy.

Gonkongda E.Döwletow Aziýa Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti hökmünde ATF-iň direktorlar geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, onda Aziýa sebitinde tennisi ösdürmegiň we ATF-iň howandarlygynda ýaryşlary geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa toparynyň çempionatyny guramakdaky işine ozal Aziýa Tennis federasiýasynyň ýokary baha berendigini ýatladýarys. 2023-nji ýylyň iýunynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sebit çempionatyny ATF-iň ýolbaşçylary  tennis ýaryşlaryny guramagyň nusgasy we mysaly diýip atlandyrdylar.


şu gün 17:52
1.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......