“Formula-1-iň” ABŞ-nyň Gran-prisi tapgyrynda Şarl Lekler ýeňiji boldy

  • 21.10.2024 18:22
  • 2.5k+

“Ferrari” toparyndan Şarl Lekler “Formula-1” çempionatynyň 19-njy tapgyry bolan ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Ostiniň ýolunda geçirildi.

Lekler dördünji orundan badalga alyp, 56 aýlawy hemmeden çalt geçdi. Ikinji bolup pellehana onuň topardaşy ispaniýaly Karlos Saýns geldi (yza galyş 8,562 sekunt ). Üçlügi häzirki dünýä çempiony, “Red Bull” toparyndan niderlandly Maks Werstappen jemledi (+19,412).
ABŞ-nyň Gran-prisiniň netijesi boýunça ilkinji onluga şular girdi:

4. Lando Norris (“Maklaren”, +20,354);
5. Oskar Piastri (“Maklaren”, +21,921);
6. Jorj Rassell (“Mersedes”, +56,072);
7. Serhio Peres (“Red Bull”, +59,072);
8. Niko Hýulkenberg (“Haas”, +1.02,957);
9. Liam Louson (“RB”, +1.10,563);
10. Franko Kolapinto (“Uilýams”, +1.11,979).

Ýedi gezek dünýä çempiony, “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton ýaryşyň başynda ýoldan çykdy.
“Formula-1” çempionatynyň indiki tapgyry 27-nji oktýabrda Meksikada geçiriler.


09.06.2026 07:51
4.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....