Samsung Galaxy A16 4G smartfony hödürlendi, ol 6 ýyllap täzelenme alar

  • 21.10.2024 11:15
  • 12k+

Samsung Fransiýada Galaxy A16 5G we Galaxy A16 4G smartfonlaryny hödürledi. Bulardan birinjisi ýakynda görkezilipdi, ikinjisiniň resmi premýerasy bolsa indi geçirildi. Smartfon bahalary heniz belli däl, ýöne öň Galaxy A16 4G-niň 5G goldawly wersiýadan, takmynan, 30 ýewro arzan boljakdygy habar berildi.

Gurluşlaryň ikisi-de 6 ýylyň dowamynda täzelener, bu hem Galaxy A16 4G-ni koreý kompaniýasynyň häzirki wagtda şeýle dowamly programma goldawyny alýan iň elýeterli modeline öwürýär.
Smartfon diagonaly 6,7 dýuým, durulygy Full HD+ we kadr ýygylygy 90 Gs bolan AMOLED ekranyna eýe boldy. Smartfonda SoC MediaTek Helio G99 prosessory, 4 GB operatiw ýat we 128 GB fleş-ýat ulanylýar. Akkumulýator sygymy 5000 mA/sag barabar, ol 25 Wt kuwwatly zarýad berşi goldaýar. Frontal kamera 13 Mp, esasy kameralar toplumy 50, 5 we 2 Mp datçiklerden ybarat. Şeýle-de, IP54 goragy, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.3, NFC, USB Type-C porty we nauşnikler üçin adaty ýer bar.
Galaxy A16 Android 14-üň esasynda One UI 6.1-iň dolandyrmagynda işleýär. Ol noýabr aýynda satuwa çykar.


11.04.2026 14:59
7.6k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...