Türkmenistan Yraga gündelik 20 million kub metr tebigy gaz iberer

  • 21.10.2024 08:56
  • 8.8k+

Türkmenistandan Yraga gündelik 20 million kub metr tebigy gaz ibermekligi üpjün etmek barada ylalaşyga gol çekildi. Bu barada ORIENT agentligi Shafaq News yrak habarlar portalyna salgylanyp habar berýär.

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” DK başlygy Maksat Babaýew resmi sapar bilen Bagdada bardy we saparyň çäginde Premýer-ministriň energetika meselesi boýunça orunbasary, Yragyň Nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen duşuşdy.
Yragyň energetike ministri Ziad Ali Fadel
 öz çykyşynda bu gaz akymynyň ýurduň elektroenergetika infrastrukturasyny gowulandyrmakda möhüm orny eýelejekdigini aýtdy: “Daşary ýurtlardan getirilýän gazyň mukdary, gaz bilen işleýän elektrik stansiýalarymyzyň doly işlemegini, milli ulgamyň durnuklylygyny üpjün eder”.
Fadel Şweýsariýada ýerleşýän “Loxstone Energy” bilen hyzmatdaşlykda alyş-çalyş mehanizminiň bir bölegi hökmünde Türkmenistandan gazyň Eýranyň turbageçiriji ulgamy arkaly Yraga iberiljekdigini düşündirdi.

“Bu ylalaşyga gol çekişmek, köp sanly duşuşygy, özara saparlary we geçen ýyl özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini öz içine alýan bir ýyldan gowrak ýokary derejedäki tehniki tagallanyň jemidir” – diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Yragyň habarlar agentliginiň (INA) Yragyň Nebit ministrligine salgylanyp, beren habarynda, duşuşygyň nebit we energetika pudaklarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň gözýetimlerini giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny, şol bir wagtyň özünde Yrak bilen Türkmenistanyň bu ugurlarda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler – diýip, aýdylýar.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...