Luka Modriç “Realyň” taryhynda iň uly ýaşly oýunçy boldy. Ol Puşkaşyň rekordyny täzeledi

  • 21.10.2024 08:31
  • 8.7k+

Horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Madridiň “Realynyň” taryhynda iň uly ýaşly oýunçy bolup, tanymal Ferens Puşkaşyň rekordyny täzeledi.

Bu ispan La Ligasynyň “Selta” garşy 10-njy tapgyr oýnunda bolup geçdi. 63-nji minutda Modriç meýdança çykdy, netijede ol Patyşalyk klubunyň taryhynda iň uly ýaşly oýunçy boldy – 39 ýyl 40 gün.
Luka 1966-njy ýylda 39 ýyl 36 gün ýaşynda bu toparyň düzüminde soňky oýnuny oýnan wengriýaly Ferens Puşkaşyň rekordyny täzeledi.
“Selta” bilen bolan oýunda Modriç bu taryhy üstünligine bir netijeli hereketi-de goşdy. 66-njy minutda ol ýeňiş golunyň (2:1) awtory bolan Winisius Žuniora topy geçirdi.

Modriç “Realda” 2012-nji ýylda Angliýanyň “Tottenheminden” geçeni bäri çykyş edýär. Topar üçin jemi 547 oýna gatnaşyp, 27 kubok gazandy. Ol klubuň taryhynda iň köp titul alan futbolçydyr.
Şeýle-de, Luka 2018-nji ýylyň “Altyn topunyň” eýesidir. Şol möwsümde ol FIFA we UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip hem ykrar edildi.
Madridiň kluby “Seltany” utup (24 utuk), La Liganyň ýaryş jedwelinde öňdebaryjy “Barselonanyň” yzyndan ýetdi, ýöne kataloniýalylaryň ýene bir oýny bar.
La Liganyň indiki tapgyrynda Karlo Ançelottiniň topary 26-njy oktýabrda “Barselonany” kabul eder, ýöne ondan öň 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň 3-nji tapgyr oýnunda öýünde Dortmundyň “Borussiýasy” bilen oýnar.


düýn 10:24
4.4k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......