Apple inçe korpusly iPhone 17 Slim (Air) smartfonyny çykarmaga taýynlanýar

  • 20.10.2024 22:13
  • 10k+

Apple kompaniýanyň 17-nji seriýaly enjamlarynyň biri boljak, has inçe korpusly innowasion iPhone 17 Slim (Air) smartfonyny hödürlemäge taýynlanýar. Bu barada RBC Life neşiri giňişleýin gürrüň berdi.

Deslapky maglumatlara görä, täze enjamyň galyňlygy bary-ýogy 5 mm bolar, bu häzirki Apple modelleriniňkiden ep-esli kiçidir. Sensor we dolandyryş panellerini bir gata birleşdirýän OLED TDDI tehnologiýasynyň kömegi bilen, smartfon suratyň ýokary hilini we energiýa netijeliligini saklar.
iPhone 17 Slim-iň beýleki iPhone 17 modelleri bilen bilelikde 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda smartfonyň aşakdaky aýratynlyklar bize belli:

  • prosessor we operatiw ýat: A19 Bionic we 8 GB RAM;
  • içki ýat: 128 GB-dan 1 TB çenli;
  • ekran: 6,6 dýuýmlyk 2740x1260 durulykdaky OLED TDDI, ProMotion 120 Gs;
  • esasy kamera: ýeke 48 MP;
  • öňdäki kamera: 24 MP;
  • batareýa: 3000 mA/s;

Analitikleriň pikiriçe, enjam häzirki Plus wersiýasynyň ornuny eýeläp, premium modeli hökmünde bolar.
Çaklamalara görä, iPhone 17 Slim-iň (Air) bahasy 1299 dollardan başlar, bu bolsa flagman iPhone 17 Pro Max-yň başlangyç wersiýasyndan 100 dollar gymmatdyr.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...