“Six Kings Slam” ýaryşynyň guramaçylary Nadaly altyn raketka bilen sylagladylar

  • 20.10.2024 22:17
  • 6.1k+

Er-Riýadda geçirilen “Alty şanyň tuwulgasy” (“Six Kings Slam”) tennis ýaryşynyň guramaçylary ispaniýaly tennisçi Rafael Nadala altyn raketka berdiler diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

Bu ýadygärlik baýragy türgeniň tennis dünýäsinde köpýyllyk hyzmatynyň ykrar edilmesi boldy. Nadal “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ençeme gezek çempiony we sportuň bu görnüşiniň taryhynda iň esasy şahsyýetleriň biridir.
Ýaryşyň üçünji ýer ugrundaky oýnunda Nadal serbiýaly Nowak Jokowiçden 2:6, 6:7 hasabynda utuldy. 
Six Kings Slam – tennis taryhynda baýrak möçberi rekord bolan ýaryş. Oňa häzirki döwrüň iň gowy tennisçileri gatnaşdy. Olaryň her biri diňe gatnaşandygy üçin azyndan 1,5 mln dollar aldy. Ýaryşyň ýeňijisi – italiýaly Ýannik Sinner bolsa rekord 6 mln dollar gazandy. Deňeşdirmek üçin, ol häzirki möwsümde US Open-de gazanan ýeňşi üçin 3,6 mln dollar aldy.
10-njy oktýabrda Rafael Nadal 2024-nji ýylyň 19 – 24-nji noýabrynda Malagada geçiriljek Dewisiň Kubogyndan soň professional karýerasyny tamamlamak kararyna gelendigini mälim etdi.


düýn 10:24
997

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......