Xiaomi hytaý smartfonlarynyň dünýä bazary üçin täzeden proşiwka edilmegini petikleýär

  • 20.10.2024 16:06
  • 5.9k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň smartfon modellerinde ýükleýjiniň gulpuny açmagy kynlaşdyrýan täze çäklendirme girizdi. Bu päsgelçilik öň hytaý enjamlaryny dünýä bazarlarynda ulanmak üçin uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýän enjamlary täzeden proşiwka etmek we root-hukuklaryny almak mümkinçiligini bermeýär.

Xiaomi Time portalynyň habar bermegine görä, Mi Unlock programmasy arkaly smartfonyňyzy açjak bolanyňyzda, hasabyň bellige alnan ýeriniň enjamyň satyn alnan sebitine laýyk gelmeýändigini görkezýän habar peýda bolýar. Bu ulgam programmalaryny aýyrmak we alternatiw programma üpjünçiligini gurmak ýaly, höwesjeňler üçin öň bar bolan aýratynlyklara girmegi petikleýär.
Täze çäklendirme, esasanam, soňra täzeden proşiwka etmek we halkara bazarynda satmak üçin arzan bahadan hytaý smartfonlaryny satyn alan satyjylara täsir edýär.
Enjamlaryny üýtgetmäge öwrenişen ulanyjylar ýakyn wagtda aýlawly usullary tapsalar gerek. Şeýle-de bolsa, geljekde bu funksiýa elýeterliligi saklap bilerlermi  ýa-da Xiaomi çärelerini hasam güýçlendirermi, entek belli däl.


düýn 08:04
7.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......