Frensis Ngannu PFL ýaryşynda Renan Ferreýradan üstün çykdy

  • 20.10.2024 15:44
  • 11k+

20-nji oktýabra geçilen gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) PFL promouşeniniň garyşyk başa-baş söweşleriniň uly agşamy tamamlandy. Esasy söweşde agyr agramda (120 kg çenli) guramanyň çempiony braziliýaly Renan Ferreýra UFC-niň titulynyň öňki eýesi kamerunly Frensis Ngannu bilen duşuşdy.

Ngannu birinji raundda nokaut arkaly ynamly ýeňiş gazandy.
Ngannu üçin bu söweş garyşyk söweşlerde uzak arakesmeden soň ilkinji boldy. Ol öňki söweşini 2024-nji ýylyň mart aýynda boks düzgünleri boýunça Entoni Joşua garşy geçirip, nokaut arkaly ýeňlipdi.
Agşamyň ýene bir esasy söweşinde Kris Saýborg emin agzalarynyň karary bilen Larissa Paçekony ýeňdi.
Belläp geçsek, iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor braziliýaly Renan Ferreýranyň agyr diwizionda titul söweşiniň çäklerinde Frensis Ngannuny nokaut bilen ýeňmegine 500 müň dollar goýupdy.


03.06.2026 13:12
9.2k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.2k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.3k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

22.05.2026 07:07
6k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......