Abu-Dabide Las-Wegasdaky ýaly ikinji şar görnüşli ekran binasy gurlar

  • 19.10.2024 17:14
  • 5.1k+

BAE-niň paýtagty Abu-Dabide dünýäde ikinji şar görnüşli ekran binasy “Sphere” peýda bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 

Birinji Sphere dynç alyş meýdançasy – gümmez 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde açyldy. Bu dünýäde iň uly şar görnüşli bina bolup, onuň ini 157 metre, beýikligi 112 metre barabar. Tutuş Sphere boýunça gurnalan daşarky displeýleriň netijesinde binada islendik şekil görkezilip bilner. Binanyň gurluşygyna 2 mlrd dollardan gowrak serişde sarp edildi. Ol 18 600 adamy sygdyryp bilýär. 
Variety neşiriniň habar bermegine görä, ikinji Sphere binasynyň gurluşygy barada Sphere Entertainment Co. we Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti bilelikdäki beýanda habar berdiler. Ýöne gurluşyň başlanjak ýa-da açyljak senesi görkezilmedi. 

“Sphere konsepsiýasy hemişe global meýdançalar ulgamyny öz içine alýardy, şu günki bildiriş hem bu maksada ýetmekde möhüm tapgyrdyr” – diýip, Sphere Entertainment kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy we baş müdiri Jeýms L.Dolan belledi.

Neşir ilkibaşda kompaniýanyň ikinji Sphere binasyny Londonda gurmak isländigini, ýöne şeýle binany gurmak meýilnamalarynyň şäher ýaşaýjylarynyň we häkimiýetiniň nägileligine sezewar bolandygyny belleýär.


06.06.2026 11:47
9.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....