Serdar Berdimuhamdow demir ýol ulagy pudagynyň işini halkara derejede kämilleşdirmek tekliplerini goldady

  • şu gün 12:49
  • 4.9k+
Serdar Berdimuhamdow demir ýol ulagy pudagynyň işini halkara derejede kämilleşdirmek tekliplerini goldady

18-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany pudagyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 12:41
2.1k+

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze dokma toplumy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldady. Degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna anna güni Hökümet...

şu gün 12:30
3.5k+

Türkmenistanda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy hem-de “Bäherden” keramiki önümler kärhanasy açylar

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasy açylar. Bu barada 18-nji oktýabrda...

şu gün 11:11
6.3k+

Serdar Berdimuhamedow: "Ýylyň ahyrynda zähmeti bilen tapawutlanan raýatlary dabaraly ýagdaýda sylaglarys"

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň...

şu gün 10:59
889

Türkmenistanda degişli synag barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň degişli barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler. Degişli teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna...