Afrikadaky goraghanada “Şa ýolbars” multfilminden hakyky Timon we Pumba tapyldy

  • 17.10.2024 16:17
  • 32k+

Günorta Afrikada ýerleşýän Namibiýanyň goraghanasynda iki sany haýwan dostlaşdy: ýabany doňuz Betsi we surikat Jerri. Bu haýwanlar derrew internet torunda ýaýrap, ulanyjylara “Şa ýolbars” multfilminiň gahrymanlary Timon bilen Pumbany ýatlatdy.

Bu haýwanlar bilen wideolary trewel-bloger Ruben Lambrehts sosial ulgamlardaky sahypasynda ýerleşdirýär. Şeýle-de, Betsi bilen Jerriniň gatnaşmagyndaky wideolary “Bild” neşiri paýlaşdy.
Multfilmiň gahrymanlary ýaly haýwanlar iň gowy dostlar boldy. Wideolardan görnüşi ýaly, olar bilelikde wagt geçirmegi, biri-biri bilen oýnamagy gowy görýärler. Aýratynam, Jerri Betsiniň arkasynda oturmagy halaýar.
Mundan başga-da, haýwanlar goraghananyň beýleki ýaşaýjylary bilen hem gowy oňuşýarlar. Olar öý haýwanlary däldigine garamazdan, adamlardan asla gorkmaýan ýaly.
Bellenilişi ýaly, olar indi ýabany tebigata dolanyp bilmeýärler, ýöne öz tebigy ýaşaýyş gurşawyna ýakyn ýerde wagtlaryny geçirýärler, bu goraghanada olar barada alada edilýär.


20.09.2025 18:04
4.2k+

Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär. Taslama Uberiň Gündogar...

18.09.2025 10:44
5.2k+

Günorta Afrika Respublikasynda adamsyna aýalynyň familiýasyna geçmäge rugsat berildi

Günorta Afrikanyň kazyýeti adamsyna aýalynyň familiýasyny almagy gadagan edýän kanuny ýatyrdy diýip, BBC neşiri habar berýär. Bu kanuna täzeden garalmagyna iki är-aýalyň talap arzalary sebäp boldy. Genri wan der Merwe aýaly Ýana Ýordanyň familiýasyny almak isledi, Andreas Bornman bolsa familiýasyny aýaly Jess Donneliniň familiýasynyň bir bölegini öz içine alýan goşa familiýa üýtgetmek isledi...

27.08.2025 14:16
12k+

Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär...

18.03.2025 07:47
5.1k+

Dinozawrlar 140 million ýyl ozal Keýptaunyň töwereklerinde yz galdyrypdyrlar

Günorta Afrikanyň Günbatar-Kap prowinsiýasynda dinozawrlaryň 140 million ýyllyk yzlary tapyldy. Bular bu sebitden tapylan ilkinji şuňa meňzeş tapyndydyr we yklymyň günortasynda dinozawrlaryň iň "ýaş" yzlarydyr...