It Gizadaky iň beýik piramidanyň çür depesine çykdy

  • 18.10.2024 13:04
  • 26k+

Paraplanerist Aleks Lang uçuş wagty Gizadaky Beýik piramidanyň (Heops piramidasy) çür depesindäki iti tötänleýin wideo düşürdi. Ol bu kadrlar bilen Instagram sahypasynda paýlaşdy diýip, RBK habar berýär.

Wideodan görnüşi ýaly, it beýikligi tas 140 m bolan, ýagny 40 gatly bina bilen deňleşýän gadymy piramidanyň çür depesine çykypdyr. Ýöne onuň muny nähili başarandygy belli däl. Ähtimal, it guşlar bilen güýmenip, gadymy gurluşyň depesine çykan bolsa gerek.
Ulanyjylar bu iti, köplenç, it kellesi bilen şekillendirilýän Gadymy Müsür Hudaýy Anubis bilen deňeşdirdiler. Bu Hudaý ölüleriň dünýäsine ýol görkeziji we aramgähleri goraýjy hasaplanylýar.
Ulanyjylary bu itiň nähili aşak düşendigi-de gyzyklandyrdy. Ertesi gün Aleks Langyň ýoldaşy, paraplanerist Marşall Moşer itiň ýere sag-aman düşendigini habar berdi.
Piramida bloklarynyň beýikligi piramidanyň aşaky derejelerinde 1-1,5 m barabar, ýokary derejelerde bolsa beýiklik 0,5 m çenli kiçelýär.
Gizanyň Beýik piramidasy ýa-da Heops piramidasy b.e.öň, takmynan, 2560-njy ýylda gurlupdyr. Bu piramida Giza belentligindäki üç piramidanyň iň ulusy hasaplanýar. Şol wagt onuň beýikligi, takmynan, 146,6 m bolup, bu ony 3800 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dünýäde iň beýik gurluşa öwürdi.
Piramidanyň gurluşygy, takmynan, 20 ýyl dowam edip, oňa 100 müňden gowrak işçiniň gatnaşmagy gerek bolupdyr. Piramida her biriniň agramy 2-den 15 tonna çenli bolan 2,3 milliondan gowrak hek bloklaryndan ybarat.


04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......