Saharada soňky 50 ýylda iň güýçli ýagyş ýagdy

  • 10.10.2024 11:26
  • 19k+

"Associated Press" agentligi Marokkanyň günorta-gündogaryndaky Sahara çölünde güýçli ýagyşdan soňky düşüren suratlaryny paýlaşdy. Bu barada meduza.io habar berýär.

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan bu çöle köp mukdarda ýagyş ýagdy. Marokkanyň häkimiýetiniň bellemegine görä, ýurduň birnäçe sebitinde, şol sanda ýagyn zerarly iň köp zyýan çeken Tata şäherinde iki günüň içinde ýyllyk ortaça ygalyň mukdaryndan has köp ýagşyň ýagandygy çaklanylýar (ýyllyk ortaça 250 millimetrden az). Marokkanyň paýtagty Rabatdan 450 km günortada ýerleşýän Tagunite oba ýaşaýyş toplumynda bir günde 100 millimetrden gowrak ýagyş ýagdy. Marokkanyň Merkezi meteorologiýa gullugynyň işgäri Huseýn Ýuabebiň AP habarlar gullugyna aýtmagyna görä, soňky 30-50 ýyl bäri şeýle gysga wagtyň içinde  köp ýagyş ýagmandyr. Agentligiň söhbetdeşi geçen ekstratropiki siklon sebäpli sebitdäki howanyň geljek aýlarda ýa ýyllarda üýtgäp biljekdigini, howadaky çyglylygyň köp bolmagy sebäpli bugarmagyň köpeljekdigini we täze ýagyşlara sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Sentýabryň başynda ýagan ýagyş Marokkoda we Alžirde 20-den gowrak adamyň heläk bolmagyna getirdi.
2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ýagan güýçli ýagyş sebäpli Merzuga obasynyň golaýynda bir köl emele geldi. Merzuga obasy meşhur attraksion Erg-Şebbi çäge üýşmeginiň gapdalynda ýerleşýär.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......