Ronaldinýo amerikan futbol klubunyň eýesi boldy

  • 12.10.2024 15:37
  • 17k+

Belli futbolçy Ronaldinýo Greenville Triumph amerikan futbol klubunyň eýeleriniň biri boldy. Ol ABŞ-nyň üçünji diwizionynda çykyş edýän bu klubuň paýnamalarynyň bir bölegini satyn aldy. Şertnama Nýu-Ýorkuň gazna biržasynda baglaşyldy diýip, sport24.ua habar berýär.

“Ronaldinýonyň gatnaşmagy diňe bir klubumyzyň abraýyny artdyrman, eýsem oýunçylary, janköýerleri we tutuş jemgyýetimizi ruhlandyrar” – diýip, toparyň prezidenti Jo Erwin bu hyzmatdaşlyk barada teswir berdi.

Ýatlap geçsek, Ronaldinýo 2018-nji ýylda futbol karýerasyny tamamlady. Ol klub derejesinde “Gremio”, “PSŽ”, “Barselona”, “Milan”, “Flamengo”, “Atletiko Mineýro”, “Keretaro” we “Fluminense” üçin çykyş etdi. Braziliýaly Ispaniýanyň iki gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Italiýanyň çempiony hem-de Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2002-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Ol 2005-nji ýylda dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin “Altyn top” baýragyny aldy.


düýn 13:51
9.1k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......