Ginnesiň rekordy: amerikaly adam 23 sagadyň içinde öý basgançagynda “Eweresti boýun egdirdi”

  • 15.10.2024 06:47
  • 19k+

ABŞ-nyň ýaşaýjysy Ewerestiň beýikligine (8 848,86 metr) barabar aralygy geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ýöne ol muny öýündäki basgançagynda etdi.

Las-Wegasyň ýaşaýjysy Şon Grizli bu täsin edermenligi öýünden çykman, 22 sagat 57 minut 2 sekuntyň içinde görkezdi. Bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitaby resmi taýdan ykrar etdi.
“Öý Ewerestini” boýun egdirmek basgançaklardan köp gezek aşak-ýokary münüp-düşmekden ybarat boldy. Grizli daga çykylyşyna öýkünmek üçin öz düzgünlerini girizdi: eltutarlara ellerini degirmedi, sebäbi “Ewerestde eltutar ýok”. Şeýle hem, ol prosesi yzarlamak we wakany YouTube kanalynda ýaýratmak üçin ýörite programmany işläp düzdi.

Şon Grizli rekordyny akyl saglygy meselelerine bagyşlady. Onuň sözlerine görä, COVID-19 pandemiýasy wagtynda psihologiki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr we gazanan üstünligi bilen şeýle kynçylyklara ünsi çekmek isläpdir.
Grizli ozal wideo oýunlaryny iň uzak  wagt oýnamakda rekord goýupdy: ol aýaly bilen 38 sagat 23 minut 30 sekuntlap tansly oýny oýnady. Şeýle-de bolsa, bu rekord soň 138 sagat 34 sekunt netije gazanan başga bir amerikaly Kerri Swideki tarapyndan täzelendi.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....