70 ýaşly Jeki Çanyň täze paýlaşylan suraty muşdaklaryny haýran etdi

  • 10.10.2024 21:58
  • 25k+

Gonkongly aktýor we kino režissýory Jeki Çanyň X sosial ulgamynda (öňki Twitter) täze suraty peýda boldy. Surat “The Sun” žurnalistleriniň ünsüni çekdi diýip, lenta.ru ýazýar.

70 ýaşly artistiň paýlaşylan suraty gyzyl futbolkaly, ýakasy ak reňkli goňur penjekde düşürilipdir. Onda artistiň çal reňkli saçlary açyk görünýär.
Muşdaklary paýlaşylan suraty görüp geň galdylar we teswir ýazyp başladylar. Olar: “Çagalar filmleriniň gahrymanynyň garraýşyny görmek örän gynandyryjy”, “Bize onuň ýaşlygynyň syry gerek”, “Wah, ajaýyp görünýär”, “Jeki Çan rowaýatlaryň rowaýaty. Hiç haçan onuň ýaly başga bir aktýor bolmaz ", "Bu surat özüňi garry duýmaga mejbur edip biljek"diýip ýazdylar.
Aprel aýynda geçirilen metbugat ýygnagynda Jeki Çan suratlaryndaky görnüşiniň sebäplerini aýtdy. Aktýor täze filmdäki keşbi üçin çal saçlaryny we sakgallaryny ösdürmelidigini düşündirdi.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
788

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......