Üç elli robot-dirižýor simfoniki orkestriň konsertine ýolbaşçylyk etdi

  • 19.10.2024 10:28
  • 3.3k+

Drezdeniň (Germaniýa) “Dresden Sinfoniker” simfoniki orkestri döredilmeginiň 25 ýyllygyny adaty bolmadyk konsert bilen belledi: çykyşyň ýarty bölegini üç elli robot alyp bardy diýip, knews.kg habar berýär.

The Guardian neşiriniň habar berşi ýaly, robot adamlary çalyşmak üçin däl-de, sazda adamlaryň maşynlar bilen bilelikde işleşip biljekdigini görmek üçin niýetlenildi.
Konsert iki bölekden ybarat boldy: birinjisi, adamyň ýolbaşçylygyndaky däp bolan çykyş, ikinjisi bolsa robot tarapyndan dolandyrylan bölegi. Magnus Loddgardyň ýolbaşçylygyndaky birinji bölümde üflenip çalynýan saz gurallary bilen on alty sazanda, kakylyp çalynýan saz gurallary bilen dört deprekçi aýdym-sazlary ýerine ýetirdi.
Ondan soň, ikinji bölümde MAiRA roboty ritmi kesgitlemek üçin dürli reňkli üç sany yşyklandyrylan taýagy aldy. Orkestr hem üç bölege bölündi, sazlaşykly kesişme ritmlerini emele getirmek üçin olaryň hersi öz “taýagyny” yzarlady.
Maglumatlara görä, Wilanda Reýsmanyň "#kreuzknoten" filminiň dünýä premýerasyna robot režissýorlyk edipdir. Bu eserlerde çylşyrymly kesişme ritmleri bolany sebäpli adam dirižýor üçin kynçylyk döredýär. Şeýle hem, orkestr robotyň ýolbaşçylygynda kompozitor we pianinoçy Andreas Gundlahyň üç elli dirižýor üçin ýörite ýazan eserini ýerine ýetirdi.
Robot "Dresden Sinfoniker" simfoniki orkestriň çeper ýolbaşçysy Markus Rindtdan tälim aldy. Ol konserti guramak üçin Drezden Tehniki uniwersitetiniň taktiki internet Merkeziniň hünärmenleri we “Hudam-in-the-Loop” bilen hyzmatdaşlyk etdi. Rindt iki ýyllap MAiRA-a orkestri alyp barmagy öwretdi we her el hereketini 40 gezek gaýtalap görkezdi. Robotyň her “golunyň” ähli tarapa hereket etmegine we uzalmagyna mümkinçilik berýän ýedi bognunyň bardygy bellendi.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......