Astronawtlar Prada geýýär: Milanda Aýa uçuşlar üçin niýetlenen täze skafandrlar görkezildi

  • 18.10.2024 11:34
  • 3.9k+

Milanda geçirilen Halkara astronawtika kongresinde Aý missiýalary üçin niýetlenen täze skafandrlaryň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Olar Prada modalar öýüniň dizaýnerleri bilen hyzmatdaşlykda Axiom Space hususy kosmos kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi diýip, Reuters habarlar gullugy habar berýär.

Döwrebap innowasiýa materiallaryndan taýýarlanan bu skafandrlar Aýyň ýagty düşýän günorta polýusynyň aşa ýokary temperaturasynda bolşy ýaly, Aýyň hemişe kölegedäki sebitiniň pes temperaturasyna hem çydamlydyr.
Her bir skafandr astronawtlar üçin açyk kosmosda azyndan sekiz sagat amatly şertleri saklamaga ukyplydyr.
Bu skafandrlar NASA-nyň 2026-njy ýylyň güýzünde meýilleşdirilýän Artemis III missiýasyna taýýarlyk görmekde möhüm ädim bolar. Bu missiýa 1972-nji ýyldan bäri Aýa adamyň ilkinji gonuşy bolar.
Ondan öň, 2025-nji ýylda Artemis II türgenleşik missiýasy amala aşyrylar, şol döwürde astronawtlar Ýeriň hemrasynyň töwereginden aýlanyp gaýdarlar.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......