Hytaýda dünýädäki iň uly uçarmansyz uçýan uçar-konwertoplan görkezildi

  • 18.10.2024 10:37
  • 5.4k+

Hytaýyň United Aircraft Group uçar tehnikasyny öndürijisi dünýädäki iň uly uçarmansyz uçýan Lanying R6000 konwertoplan uçaryny hödürledi. 6 tonnalyk bu apparat 2 tonna çenli ýüki götermäge we uçarmansyz hem-de uçarmanly uçuşlary amala aşyrmaga ukyplydyr diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Uçaryň ganatynyň uzynlygy 16,1 metr, beýikligi bolsa 4,6 metr. Ýük bölüminiň göwrümi 12 kub metre ýetýär. Häzirki wagtda bu Hytaýda öndürilen iň uly uçarmansyz ulag laýneri.
Lanying R6000 öwgä mynasyp häsiýetnamasy bar:

  • Uçuş uzaklygy: 4000 km-e çenli;
  • Iň ýokary tizligi: sagatda 550 km;
  • Uçuşyň kreýser beýikligi: 7620 metr;
  • Göwrümi: 10 ýolagça çenli.

Lanying R6000 dik uçup-gonup biler we dikuçar ýaly howada saklanyp biler. Özboluşly mümkinçilikleriniň bardygy sebäpli ol ulag, logistika, harby we gözleg-halas ediş işleri üçin amatly.
Tomusda kompaniýa ilkinji üstünlikli synag uçuşyny amala aşyrdy. Uçarmansyz uçýan apparat ähli ulgamlarynyň durnukly işleýändigini görkezdi.
Lanying R6000 taslamasynyň üstünde 10 ýyldan gowrak wagt bäri işlenip gelýär. Onuň köpçülikleýin önümçiligini guramak üçin 200-den gowrak kärhana çekildi, olar barlaglardan we işläp taýýarlamakdan başlap, tehniki hyzmatyna, ulanylyşyna we öwredilişine çenli başdanaýak döredilişiniň doly aýlawyny üpjün etdi.
Uçarmansyz uçýan apparatyň önümçiligini Hefeýde ýerleşýän Uhu awiasiýa senagat seýilgähinde başlamak meýilleşdirilýär.


18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.5k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......